Merhumlar Üçin Dogalar (#11963)

*(Soňky deminde ýatan ynsanlar hem aýrylandan soň jaýlanýança okalýan doga)

Oldur enaýaty we merhemeti köp bolan Alla.
    Päk we Mukaddes Sen, Eý meniň Taňrym! Seniň Gudratyňa we Kuwwatyňa, Seniň Soltanlygyňa we Merhemetiňe, Seniň Jomart hem Başarjaňdygyňa, Seniň Ýalňyzlyk zannyňa hem Ýeke-Täklik hakykatyňa, bu dünýeden we onda bar zatlardan arassa hem päkligiňe güwä geçýärin.
    Barhudaýa! Senden özgeden üzülip Saňa birigenimi, Seniň baý deňziňe, Keremli asmanyňa we Rähmetli güneşiňe ýüz tutýandygymy görýänsiň.
    Ýa Reb! Bu dirilik älemini ruh bilen aýan edendigiňe hem ol ruhy Öz bendäňe amanat berendigiňe güwä geçýärin. Seniň barlyk ýalkymyň saçýan nurlarynyň ýagtysynyň hatyrasy üçin, bu ynsandan, Seniň beren günleriňde berjaý eden işlerini kabul eýle. Onsoň ony Öz razylygyň kuwwaty bilen hem kaýyllygyň zynaty bilen beze.
    Barhudaýa! Men güwä geçýärin hem ähli barlyklar Seniň gudratyňa güwä geçýärler.
    Eý bendeleriň Möwlasy! Saňa sary uçýan bu ruhy, Öz Agla: Jennetiňden, Belent mertebe Behişdiňden we ýakynlyk orunlaryňdan näumyt eýleme.
    Eý meniň Taňrym! Galamlar zikriňden natuwan bolup, diller waspyňdan ejiz bolan orunlarda, bu bendäňi Ylahy dergähiň erenleri we Resullaryň bilen hemdem eýle.
    Barhudaýa! Bu pahyr Seniň baý Melekutuňy niýet edindi, bu garyp Seniň ýanyňda ýurt tutunmagy maksat edindi we bu teşne Seniň Rähmet çeşmäňe nazar saldy.
    Barhudaýa! Onuň öňünden Jomartlyk saçagyňy we Sahawatly nygmatlaryňy egsile ýygnama. Dogrudanam Sensiň Başarjaň, Merhemetli we Geçirimli.
    Ýa Reb! Amanadyň Saňa sary öwrüldi. Mülk we Melekutyňy gurşap alan geçirimli we keremli asmanyň hatyrasy üçin, Öz täze myhmanyňa, Jomartlyk agajyň miwelerinden, nygmatlaryndan hem sowgatlaryndan hödür edersiň diýip, ýalbarýaryn. Sebäbi Sen islän zadyňy başarýansyň we Senden özge Keremli we Mähriban, Geçirimli we Ýalkaýjy, Merhemetli we Dana bolan Alla ýokdur.
    Ýa Ylahy! Myhmanlary sylamalydyr diýip ynsanlara buýruk berendigiňe şaýatdyryn. Onsoň bu Saňa tarap uçan we gapyňdan giren ynsany, Öz geçirimlilik asmanyňa we kerem deňziňe laýyk garşy al. Seniň ululygyňa ant içýärin hem-de bendeleriňe buýran zatlaryňy, Özüňe-de rowa bilýändigiňe ynanýaryn we Seniň Ýalkaýyş ornuňy tapan hem Binyýazlyk şapagyňa tarap uçan bu bendäňi mahrum etmersiň. Senden özge Taýsyz, Ýeke-Täk, Başarjaň, Dana we Ýalkaýjy bolan Alla ýokdur. Wessalam.

-Bahá'u'lláh
-----------------------

Merhumlar Üçin Dogalar (#11965)

Hu’Alla.
    Eý Taýsyz Taňry! Bu eziz dostuňy kabul et, başyny Ýalkaw telpegi bilen beze, Ebedi jahanyň jahanbanlyk täjini ber we asmanly baýlyklary bilen başyna zynat ber. Ol didara muşdakdy, Öz aýanlyk meýlisiňe ýoluny aç. Ol görmäge zardy, oňa duşuşyk ýalkymyňy saç. Arzuwly perwanady, Jemalyň çyrasyna golaýlat. Köp ýanan bilbildi, ony gülüň wysalyna gowşur.
Pyrkatyňda köňüller ýangyndan halas bolar ýaly, aýralyk hem hijranyňda ýürekler ynjalar ýaly, ýaranlaryny ýardam eýle, olara sabry-karar ber, çydam hem berklik bagyş eýle. Sensiň Başarjaň, Sensiň Eziz we Sensiň ýardam beriji. Dogrudanam bar zady başarýan Sensiň.

-`Abdu'l-Bahá
-----------------------

Merhumlar Üçin Dogalar (#11968)

Hu’Alla.
    Eý geçirimli Taňrym! Bu bendeler erkana ynsanlardyr. Bu parlak janlar Seniň hedaýat nuruňdan röwşen we taban boldylar. Seniň Muhabbet jamyňy dolduryp içdiler we Seniň mährem sazyňdan tükeniksiz syrlar eşitdiler. Saňa köňül berip bigänäniň duzagyndan sypdylar. Seniň birligiňe birikdiler.
    Bu eziz ynsanlary Öz Lahuty dostuň bil we erenleriň meýlisine sal. Ýokarky älemiň syrlarynyň mähremi kyl we ýalkymlar bährinde gark eýle. Sensiň Bagyşlaýjy, Parlak we Mähriban.

-`Abdu'l-Bahá
-----------------------

Merhumlar Üçin Dogalar (#11969)

Hu’äl-Äbha.
    Eý Perwerdigär! Bu päk janlar, bu toprak dünýeden bizar bolup, Seniň älemiňe perwaz etdiler. Bu garaňky ülkeden, bir ýagty yklyma göçdiler. Bu pes ketekde köňülleri gysylyp, asmanly höwürtgäniň maksadyny arzuw etdiler. Ylgadylar, uçdylar, ahyry ýetdiler.
    Ýa Ýalkaýjy! Ýalkagyn. Ýa Mähriban! Mähir eýle. Eý Binyýaz! Bagyşla, hemdem bol, syrdaş bol. Sensiň Ýalkaýjy, Taban, Bagyşlaýjy hem Başarjaň.

-`Abdu'l-Bahá
-----------------------

Merhumlar Üçin Dogalar (#11970)

Hu’Alla.
    Eý Mähriban Taňrym! Bu Seniň gapyň işiginiň bendesi, jany bilen Seniň gözlegiňdedi, Seniň söýgi ýoluňy agtarýardy. Rugsary hedaýat nurundan mahy-tabandy, ýüregi bu dünýäniň hapasyndan päkize hem arassady. Muhabbet meýlisinde, ellerinde jam we peýmanady. Ezeliň şerabyndan mestanady.
    Mukaddes älemiň meýlisine girip, wysal we didar badasyndan serhoş bolmak üçin, bu jahanyň barlyk örtügini taşlap, çyplak hem ýalaňaç bolup, lamekan jahana bardy.
    Eý Mähriban Taňry! Ol Rahmany şerapdan damagyna bir damja damdyr, şat bolup ýakymly ysy duýar ýaly. Ony Öz geçirim we Ýalkaýyş bähriňde gark eýle we Jomartlyk hem Rähmet ýalkymlaryň bilen ýagtylt. Köňüllere teselli ber we ruhlary Rähmet eýle. Sensiň Mähriban, Sensiň günäleri bagyşlaýan. Sensiň kömek beriji Allam.

-`Abdu'l-Bahá
-----------------------

Merhumlar Üçin Dogalar (#11967)

Hu’äl-Äbha.
    Eý Perwerdigär, Eý Mähriban! Bu dostlar Seniň gapyň işigine bendiwan we bu ýaranlar Seniň yşkyň oduna ýanyp duran şöhledirler, Seniň ýadyňda, tolkun atýan deňiz ýaly we Töwhid meýlisinde ýalkym saçýan çyra ýaly. Her biri Seniň Rähmet deňziň bir tolkuny, her biri hedaýat dürüniň bir kiçijik sandygy. Her säher açyk köňül bilen zar aglaýarlar we her gije Seniň Jemalyň ýadynda uka batýarlar. Sensiň Geçirimli, Mähriban we Sensiň Ebedi we Rahman. Aýrylanlary Merhemet eýle, galanlara sabyr ber. Hatalardan geç hem günäleri öt. Sen Ýaşyryjy, Sen Ýalkaýjy, Wel-Baha’u-äleýküm.

-`Abdu'l-Bahá
-----------------------

Merhumlar Üçin Dogalar (#11966)

Hu’äl-Äbha.
    Eý Ýalkaýjy, Eý Mähriban! Bu päk janlar toprak zyndanyndan azat boldylar we Seniň jahanyňa uçdylar. Ýagşydylar, Seniň roýuň şeýdasy we Seniň çeşmäň teşnesidiler. Ýaşaýyşda Seniň Rahmany müşgüňden diridiler. Gözleri açyldy, gulaklary açyldy, ähli baglanşykdan garaşsyz bolup, Seniň begenjiňe köňül şatdylar. Indi olar syrlar dünýäsine uçdylar we Seniň ýanyňda, bagtyýarlyk agajyňda höwürtge gurýarlar, aýdym, owaz saýraýarlar.
    Barhudaýa! Bu ynsanlaryň günälerini öt we olary guýydan çykaryp aýyň arşyna ýetir. Merhemetli bakjaňa sal we geçirimlilik çemeniňde pena ber. Erkin ynsanlaryň serweri kyl we Öz ýakyn erenleriň arasyna sal.
        Galanlaryna sabyr hem asudalyk bagyş eýle we olary ýaradylyş äleminiň zynaty kyl. Goý olar Saňa alkyş aýdyp, Seniň ýadyňda we senaňda bolsunlar. Sensiň Geçirimli, Ýalkaýjy we Mähriban.

-`Abdu'l-Bahá
-----------------------

Merhumlar Üçin Dogalar (#11964)

Oldur Allatagala.
    Eý Perwerdigär, eý Ýalkaýjy! Bir eziz ynsan Seniň ägälik Melekutyňa galkyndy. Bu pany toprakdan, ol Ebedi jahana bardy. Täze myhmandyr sylag et, gadym bendäňdir üýtgeşik täze don geýdir.
    Eý Binyýaz! Ýalka, mähir kyl, syrly halwatyňa ýol ber we tejelli meýlisiňde hemdem we sazdaş eýle. Sensiň Eçiliji, Bagyşlaýjy we Mähriban. Sensiň Ýalkaýjy, Söýüji hem Başarjaň.

-`Abdu'l-Bahá
-----------------------

